Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belgradda we beýleki serb şäherlerinde protestçiler prezidentiň işden çekilmegini talap edýärler


Belgrad protestleri.

2-nji fewralda müňlerçe adam tapgyr dokuzynjy hepde paýtagt Belgradda we beýleki şäherlerde ýygnanyp, Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiçiň işden çekilmegini talap etdiler.

Protestçiler #5millionyňbiri (#1of5million) şygary bilen köçelere çykdylar, bu şygar Wuçiç demonastarsiýaçylaryň talaplaryny alga alman, “eger ol ýerde siziň 5 millonyňyz bolsa-da, men size baş egmerin” diýeninden soň döredildi.

Belgraddaky demonstrasiýalara paýtagtdaky uniwersitetiň studentleri hem goşuldylar, olar öz student ýoldaşlaryny hem proteste goşulmaga, bilim ministri Mladen Sarsewiçiň bolsa işden çekilmegine çagyrdylar.

Sarçewiz bir hepde ozal Wuçiçe garşy hereketi goldan uniwersitet professorlaryny “ujypsyz” diýip häsiýetlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG