Makedoniýanyň ozalky premýer-minsitri Nikola Gruewski Wengriýa öz ýurdundaky iki ýyllyk türme tussaglygyndan gaçyp gelendigini, sebäbi özüne türmede öldürilmekhaýbat atylandygyny aýdýar
Gruewski ýurtdan gaçyp çykaly bäri ilkinji gezek 2-nji fewralda Makedoniýanyň “Sitel” telewideniýesine beren interwýusynda başda, “aýyplamalary kanuny esassyz we dälilik” hasaplan-da bolsa, türmä gitmekçi bolandygyny, emma “özüniň türmede kimdir birleri tarapyndan ýok edilmeginiň planlaşdyrylýandygy” hakynda maglumat alandygyny aýtdy.
“Şondan soň meni pikirimi üýtgetdim” diýip, Gruewski sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol bu maglumaty türmäniň içindäki ýagdaýlardan gowy habarly we planlaşdyrylýan kast ediş synanyşygynyň detallaryny gowy bilýän adamlardan alandygyny aýtdy.
"Men munuň arkasynda kimiň durandygyny açyk aýdyp bilmeýärin, sebäbi men ony edil häzir subut edip biljek däl” diýip, ol aýtdy. “Şondan soň men Makedoniýany terk etmek kararyna geldim” diýip, ol aýtdy.
Gruewski özüne Makedoniýada ölüm haýbatynyň atylandygyny ozalam aýdypdy, emma premýer-ministr Zoran Zaýewiň hökümeti bu aýdylýana ynamsyz garady we ozalky premýeriň syýasy yzarlamanyň pidasy bolandygynyret etdi.
Wengriýanyň awtokrat premýer-ministri Wiktor Orban bilen ýakyn agtnaşykda bolan Gruewski Budapeşte 2018-nji ýylyň noýabrynda, Makedoniýada korrupsiýada aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edileninden soň gaçdy.
Budapeşt Gruewski Makedoniýadaky “syýasy ýanalmalary” sebäpli gaçybatalga berýändigini aýtdy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!