Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde dokuz adamyň ölümine sebäp bolan ýangyn bilen bagly bir zenan tussag edildi


Parižde gurply maşgalalaryň ýaşaýan etrapçasyndaky ýaşaýyş jaý binasynda dörän ýangyn. 5-nji fewral, 2019 ý.
Parižde gurply maşgalalaryň ýaşaýan etrapçasyndaky ýaşaýyş jaý binasynda dörän ýangyn. 5-nji fewral, 2019 ý.

Parižde gurply maşgalalaryň ýaşaýan etrapçasyndaky ýaşaýyş jaý binasynda dörän ýangynda azyndan dokuz adam ölenden soňra, jaýy otlamak şübhesi boýunça alnyp barylýan derňewiň bir bölegi hökmünde bir zenan tussag edildi diýip, fransuz resmileri aýdýarlar.

Parižiň prokurory Remy Heitziň 5-nji fewralda beren maglumatyna görä, tussag edilen zenan sekiz gatly binanyň ýaşaýjysy bolup, onuň psihiki saglygy bilen bagly problemalary bardy.

Gijäň ýary ot alan bina şäheriň günbataryndaky 16-njy okrug etrapçasynda ýerleşýär.

Parižiň ýangyn gullugynyň metbugat wekili Clement Cognonyň aýtmagyna görä, ýangynda azyndan 30 adam, şol sanda ýangyna garşy göreşýän gullugyň sekiz işgäri ýaralandy.

Ol ýangynyň alawlaryndan gaçyp aman galmak üçin 20-den gowrak adamyň binanyň üçegine ýa-da penjireleriň daşyna çykandygyny we olaryň ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri tarapyndan halas edilendigini hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG