Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nazarbaýew prezident saýlawlarynyň möhletinden öň geçirilmejekdigini aýtdy


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew ýurduň nobatdaky prezident saýlawlarynyň geçiriljek gününi öňe süýşürmek boýunça häzirlikçe planlaryň ýokdugyny aýtdy. Gazagystanda nobatdaky prezident saýlawlary 2020-nji ýylda geçirilmeli.

Onuň 5-nji fewralda wideo şekilli eden bu beýanaty, ýurtda wagtyndan öň prezident saýlawlarynyň geçirilmek ähtimallygy baradaky spekulýasiýalaryň ýaýramagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu spekulýasiýalar Nazarbaýew Gazagystanyň Konstitusion Geňeşinden ýurduň konstitusiýasynda prezidentlik wezipesiniň togtadylmagy baradaky bölüm boýunça resmi düşündiriş bermegi sorandan soňra ýaýrady.

Nazarbaýew wideo şekilli beýanatynda özüniň Konstitusion Geňeşden eden talabynyň “häzirki prezidentiň haçan we nähili ýagdaýlarda wezipesinden boşadylyp bilinjekdigini” aýdyňlaşdyrmak üçin edilen “adaty ädimdigini” aýtdy.

Şeýle-de, gazak prezidenti “bu mesele boýunça anyk düşündirişiň ýokdugyny, beýleki ýurtlaryň konstitusiýasynda munuň aýdyň kesgitlenýändigini” hem belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG