Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO şu ýylyň dekabrynda ýörite sammitiň geçiriljekdigini yglan etdi


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

NATO agza 29 döwletiň liderleri Ýaranlygyň döredilmeginiň 70-nji ýyldönümini bellemek üçin şu ýylyň dekabr aýynda Londonda ýörite sammit geçirerler diýip, 6-njy fewralda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg aýtdy.

“Londondaky duşuşyk Ýaranlyga agza ýurtlaryň hökümet we döwlet baştutanlaryna biziň häzirki we gelejekde ýüzbe-ýüz boljak howpsuzlyk meselelerimiz barada çykyş etmäge mümkinçilik döreder. Şeýle-de, olara NATO-nyň 1 milliarda golaý öz ilatynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uýgunlaşmaga dowam edýändigini ynandyrmaga mümkinçilik döreder” diýip, Stoltenberg özüniň beýanatynda belleýär.

Stoltenberg transatlantik harby hyzmatdaşlygyň 70 ýyllygyny bellemek üçin britan paýtagtynyň ideal ýerdigini hem aýtdy.

“London NATO-nyň ilkinji baş edarasynyň öýüdi. Beýik Britaniýa Ýaranlygy döreden ilkinji 12 agzanyň biridi we ol biziň umumy howpsuzlygymyza möhüm goşantlary goşmak arkaly häzir hem Ýaranlykda möhüm rol oýnamagyny dowam etdirýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

NATO-nyň düýbüni tutujy akta – Demirgazyk Atlantik Şertnamasy – 1949-njy ýylyň 4-nji aprelinde Waşingtonda gol goýupdy. Şonda oňa Birleşen Ştatlar, Kanada, Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Daniýa, Portugaliýa, Belgiýa, Islandiýa we Lýuksemburg gol çekipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG