Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO we Makedoniýa 'taryhy' pakta gol goýdy


Makedoniýanyň daşary işler ministri Nikola Dimitrow we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg

6-njy fewralda NATO agza 29 döwlet we Makedoniýa goşulyşma baradaky pakta gol goýdular. Bu Skopýeniň NATO-nyň 30-njy agza döwleti bolmagy ugrundaky möhüm ädimdir.

Bu ädim Makedoniýa bilen Gresiýanyň arasynda baglaşylan taryhy ylalaşygyň yz ýanyna gabat geldi. Bu ylalaşyk Afinynyň görkezen garşylyklaryny aradan aýryp, goňşy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrdy.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň başlyklyk etmeginde geçirilen dabarada Makedoniýanyň daşary işler ministri Nikola Dimitrow we Ýaranlyga agza 29 döwletiň wekilleri ylalaşyga gol goýdular.

“Bu gün taryhy bir gün. #NATO-nyň ähli ýaranlary Makedoniýa bilen Goşulyşma Protokolyna gol çekdi. Bu regionyň howpsuzlygyny has hem üpjün edip, oňa asudalygy getirer. Men NATO-nyň baş binasynyň daşynda 30 baýdagyň parlajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Stoltenberg dabaranyň yz ýany paýlaşan tweetinde belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG