Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda bolan güýçli ýer titremeden soň, onlarça ýaşaýjy medisina kömegini soraýar


Azerbaýjanda bolan ýer tiremäniň netijesinde käbir dükanlardaky azyk harytlary tekjelerden aşak gaçdy.
Azerbaýjanda bolan ýer tiremäniň netijesinde käbir dükanlardaky azyk harytlary tekjelerden aşak gaçdy.

5-nji fewralda giçlik Azerbaýjanyň merkezinde bolan güýçli ýer titremeden soň, Şamahy şäheriniň we onuň golaý-goltumyndaky obalaryň onlarça ýaşaýjysy saglyk işgärlerinden kömek soraýar.

Azerbaýjanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň aýtmagyna görä, ýer yranmanyň netijesinde kellesinden agyr ýaralanan 58 ýaşyndaky adam we aýagyndan ýaradar bolan başga-da üç adam keselhana ýerleşdirildi.

Ministrligiň maglumatyna görä, ýer titremäniň yz ýany, 30 çemesi adam saglyk işgärlerinden kömek sorap, saglyk edaralaryna ýüzlenipdir. Olaryň aglabasynyň stresden we gan basyşynyň aşa ýokary bolmagyndan ejir çekýändigini, ministrlik belledi.

Azerbaýjanyň Seýsmologiýa gullugy 5-nji fewralda ýerli wagt bilen sagat 11:30-da Şamahy regionynyň Ismaýilli etrabynda ýer titremäniň bolandygyny adýar. Bu region Bakuwyň 120 kilometr çemesi günbatarynda ýerleşýär.

Maglumatda ýer titremäniň 6.0 bal derejesinde bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG