Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýada “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparyň agzalary tussag edildi


6-njy fewralda Russiýanyň sudy “Ýegowanyň şaýatlary” dini akymynyň daniýaly tarapdary Dennis Kristenseni “ekstremist guramanyň işlerini guramalaşdyrmakda” günäli tapdy.

Russiýanyň iki regionynyň polisiýasy ýurtda 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri gadagan edilen “Ýegowanyň şaýatlary” dini toparyň birnäçe agzasyny tussag etdi.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Sibiriň demirgazyk-günbataryndaky Hanty-Mansi awtonom etrabynda ýerleşýän ýerli bölümi 7-nji fewralda beýanat ýaýradyp, tussag edilen adamlaryň “Ýegowanyň şaýatlary bolmadyk raýatlara özleriniň artyklygyny wagyz etmekde” şübhe bildirilýändigini aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, şübheliler bikanun üýşmeleň geçirip, “ekstremist ideýalary propaganda edipdirler we gadagan edilen dini topara täze agzalary ýygnapdyrlar”.

Beýanatda ne tussag edilen adamlaryň sany, ne-de olaryň anyk haýsy senede tussag edilendigi barada maglumat berilýär.

Bu aralykda, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Mordowiýa awtonom respublikasyndaky bölümi hem 7-nji fewralda beýanat ýaýradyp, “Ýegowanyň şaýatlarynyň” “bikanun hereketlerini duruzmak üçin [7 fewralda] giň gerimli operasiýalaryň geçirilendigini” mälim etdi.

Beýanatda “toparyň guramaçylarynyň tussag edilendigi we derňewleriň başladylandygy” hem bellenildi. Ýöne onda tussag edilen adamlaryň sany barada maglumat berilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG