Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bişkek öz territoriýasynda ikinji rus harby bazasyny açmak ähtimallygyny göz öňünde tutmaýar


Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Damir Sagynbaýew

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmisi Bişkegiň öz territoriýasynda Russiýanyň ikinji harby bazasyny açmak ähtimallygyny göz öňünde tutmaýandygyny aýdýar.

Russiýanyň Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky “Kant” howa bazasy Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (CSTO) howandarlygynda 2003-nji ýylda açylypdy. Bu guramanyň düzümine Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Täjigistan girýär.

7-nji fewralda Bişkekde žurnalistlere beren maglumatynda Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Damir Sagynbaýew bu meseläniň ne öz geňeşi, ne-de gyrgyz prezidentiniň edarasy tarapyndan göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da, Sagynbaýew bu meselä gelejekde garalyp bilinmeginiň mümkindigini hem belledi.

4-nji fewralda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gyrgyzystana eden saparynyň dowamynda eger Bişkek gyzyklanma bildirse, onda Moskwanyň bu Merkezi Aziýa ýurdunda ikinji harby bazasyny açmak pikirini maslahat etmäge açykdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG