Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleksandr Seferin UEFA-nyň başlyklygyna dört ýyl möhlet bilen garşylyk gaýtadan saýlandy


UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Seferin (Aleksandr Ceferin)
UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Seferin (Aleksandr Ceferin)

UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Seferin (Aleksandr Ceferin) Ýewropanyň futbol federasiýasynyň başlyklygyna garşylyk görkezilmezden, ýene dört ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlandy.

Seferini el çarpyşma bilen gaýtadan başlylyga saýlamak çäresi guramanyň 55 agzasyndan gelen delegasiýalaryň 7-nji fewralda Rimde geçirilen duşuşygynda amala aşyryldy.

Sloweniýaly aklawçy we sport administratory Seferin UEFA-nyň öňki prezidentini öz içine alýan korrupsiýa skandallarynyň yz ýany, Ýewropanyň futbol federasiýasynyň netijeli dolandyrylyşy boýunça birnäçe reformalary teklip etdi.

Ol ilkinji gezek Ýewropanyň futbol federasiýasynyň başlyklygyna 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG