Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda aşa sowuk howa sebäpli mekdepler, ýollar ýapyldy


Gazagystanyň kartasy
Gazagystanyň kartasy

8-nji fewralda Gazagystanda aşa sowuk howa sebäpli paýtagt Astanada we ýurduň demirgazyk, merkezi we gündogar regionlarynda mekdepleriň ählisi ýapyldy. Häzirki wagt Gazagystanda howanyň sowuklygy -40 gradusa çenli baryp ýetýär.

8-nji fewralda Gazagystanyň demirgazyk Pawlodar regionynda garyň güýçli ýagmagy netijesinde görüş mümkinçiligi çäklendi we häkimiýetler birnäçe asfalt ýoly ýapdy.

Şeýle-de, Astananyň daşyndaky ýollaryň we asfalt ýollaryň ählisi ýapyldy.

Akmola, Gündogar Gazagystan we Demirgazyk Gazagystan regionlarynda howa şertleri sebäpli jemgyýetçilik transport hyzmatlary hem çäklendirildi.

XS
SM
MD
LG