Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda daşary ýurt raýaty terrorizm aýyplamalarynda tussag edildi


Gyrgyz-täjik serhedi
Gyrgyz-täjik serhedi

Gyrgyzystanda terrorçylykly hüjümi amala aşyrmak üçin jenaýat toparyny döretmegi planlaşdyrmakda güman edilip, daşary ýurt raýaty tussag edildi diýip, 8-nji fewralda Gazagystanyň Milli howpusuzlyk boýunça döwlet komiteti (UKMK) aýtdy.

Şübheli Merkezi Aziýadaky öňki sowet respublikalaryň biriniň raýaty diýlip, komitetiň maglumatynda aýdylýar.

Komitet öz ýurdunda, aýdylmagyna görä, möhüm jenaýatlary amala aşyrmakda we halkara terroristik guramanyň agzasy bolmakda gözlenýän şübheliniň gyrgyz serhedine bikanun geçenden soň, ýurduň günortasyndaky Jalal-Abad şäherinde tussag edilendigini aýdýar.

Şeýle-de, Gazagystanyň Milli howpusuzlyk boýunça döwlet komiteti şübhelä partladyjy desgalary ýasamak we şäher hem-de daglyk ýerlerindäki söweşlerde tüpeňleri ulanmak boýunça tälim berlendigini hem aýdýar.

XS
SM
MD
LG