Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ABŞ-den Rumynýadaky raketa goranyş sistemasyny ýok etmegi soraýar


Deweseludäki raketa goranyş sistemasy
Deweseludäki raketa goranyş sistemasy

Russiýa Birleşen Ştatlar Sowuk Urşy döwründe gelnen ýadro ylalaşygyny berjaý etmäge dolanmak üçin NATO agza Rumynýadaky raketa goranyş sistemasyny ýok etmelidir diýdi.

2-nji fewralda Birleşen Ştatlar Moskwa, aýdylmagyna görä, pakty bozýan çärelerinden dänmese, onda özüniň 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasyndan alty aýyň dowamynda yza çekiljekdigini yglan etdi.

Moskwa özüniň bu şertnamany bozmaýandygyny aýdýar.

Mark 41 (Mk 41 VLS) wertikal atyş sistemasy Rumynýanyň günortasynda “Aegis Aşore” diýlip hem tanalýan Deweseludäki raketa goranyş sistemasynyň bir bölegidir.

XS
SM
MD
LG