Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Brýusselde 'ýüzlerçe' hytaý we rus içalyşy 'işleýär'


Brýussel, Ýewropa parlamentiniň binasy

Ýüzlerçe rus we hytaý aňtaw agenti Brýusselde hereket edýär diýip, ÝB-niň daşary gulluk edarasy duýduryş berdi.

Ýewropanyň Daşarky hereket gullugynyň (EEAS) hasaplamalaryna görä, “Ýewropanyň paýtagynda 250 çemesi hytaý we 200 çemesi rus içalysy hereket edýär. Bu habary Germaniýanyň “Welt am Sonntag” gazeti ÝB diplomatlaryna salgylanyp çap etdi.

Habarda aýdylmagyna görä, ÝB diplomatlaryna we militantlara Brýusseliň ýewropa kwartalynyň belli-belli ýerlerinden, şol sanda Ýewropa komissiýasynyň esasy binasynyň golaýyndaky ilhalar kakmaçhanadan we kafeden çekeräk durmak maslahaty berlipdir.

Rus we hytaý içalylary esasan öz ýurtlarynyň ilçihanalarynda ýa-da söwda missiýalarynda işleýärler diýip, maglumatda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG