Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly gazak Özbegistanyň özüni Hytaýa ekstradisiýa etmezligini soraýar


Ghalymbek Şaghymanyň pasport suraty
Ghalymbek Şaghymanyň pasport suraty

Daşkent aeroportunda saklanan hytaýly gazak özbek häkimiýetlerini Hytaýyň özüni ekstradisiýa etmek talabyndan ýüz öwürmäge çagyrýar.

Telekeçi Halemubieke Xiaheman, Ghalymbek Şaghyman diýip hem atlandyrylýar, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe “doganlyk türki dilli musulman” hökmünde ýüzlenip, özüni Hytaýa ekstradisiýa etmezlige çagyrdy.

Ol Hytaýda özüniň ölüm bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýdýar.

Xiaheman bu çagyryşy 7-nji fewralda feýsbukda ýerleşdirilen wideoýüzlenmesinde etdi. Wideoýazgy Daşkendiň halkara aeroportunyň içinde edilene meňzeýär.

Hytaý we özbek häkimiýetleri Hytaýyň ony ekstradisiýa etmegi talap edendigini ýa-da munuň haýsy esaslarda şeýle ediljegini tassyklamady.

XS
SM
MD
LG