Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýa, Şwesiýa we Şweýsariýa gündogar Ukraina $14 kömek berýär


Gündogar Ukrainada gyş ýolgaçylygy
Gündogar Ukrainada gyş ýolgaçylygy

Daniýanyň, Şwesiýanyň we Şweýsariýanyň hökümetleri özleriniň gelýän üç ýylda BMG-niň gündogar Ukrainadaky regional dolandyryşy pugtalandyrmak, sosial daýanyşmany berkitmek taslamasy üçin 14 million amerikan dollaryna golaý serişde berjekdiklerini aýtdylar.

2014-nji ýylyň aprelinde Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen hökümet güýçleriniň arasynda turan uruşda 10,300-den gowrak adam öldi, müňlerçe adam ýaralandy we 1.5 milliondan gowrak adam ýaşaýan ýerinden başga ýere göçmeli boldy.

Üç döwletiň 8-nji fewralda yglan eden täze başlangyjy baradaky metbugat beýanatynda çaknyşyk uran sebitdäki “synan ynamyň” diňe “iş orunlaryny döretmek, garyplyga garşy göreş, korrupsiýa garşy çäreler, kanunçylyk we sud reformalary, adam hukuklarynyň ileri tutulmagy” bilen dikeldilip bilinjekdigi aýdylýar.

Metbugat beýanatyna görä, Daniýa $9 milliondan gowrak, Şwesiýa $3 million, Şweýsariýa $2 million serişde berýär.

XS
SM
MD
LG