Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde ýurdunda adam gaçakçylygynda aýyplanýan türkmen raýaty saklandy


Twer görnüşi

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň Orsýetiň “tvernews.ru” neşirine salgylanyp habar bermegine görä, Orsýetiň Twer oblastyndaky federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň raýaty, halkara derejesinde gözlegi yglan edilen B.Ý.Satybaldyýewi tutup sakladylar.

Satybaldyýew Daşoguz welaýat prokuraturasynyň uly sülçüleriniň tabşyrygy boýunça saklanyldy, ol agyr jenaýatlarda, şol sanda adamy özüni öldürmek ýagdaýyna eltmekde ýa-da gorkuzyp özüni öldürmäge mejbur etmekde, ýowuz daramakda, bikanun ýarag saklamakda we ýarag söwdasynda, adam gaçakçylygynda aýyplanýar.

Tweriň Zawolžsk raýon sudy saklanylan türkmen raýatyny bir aýlap, 2019-njy ýylyň 5-nji martyna çenli tussagda saklamak hökümini çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG