Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Merkezi Ýewropa sebitine sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo Ýewropanyň bäş döwletine sapar edip, gepleşikleriň dowamynda Merkezi Ýewropa sebitinde Russiýanyň we Hytaýyň barha artýan täsirlerini maslahat eder diýip, ABŞ resmileri maglumat berdiler.

11-nji fewralda Pompeo Wengriýa sapar edip, mundan soň hem Slowakiýa we Polşa ugrar. Ol soňy bilen Brýussele we Islandiýanyň paýtagty Reýkýawige hem sapar eder.

ABŞ administrasiýanyň ýokary derejeli resmisiniň beren maglumatyna görä, Pompeo Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşyp, “Russiýanyň agressiýasyna garşy durmak üçin howpsuzlyk gatnaşyklaryny ösdürmek” we “Ukrainany goldamak” ýaly meseleleri hem maslahat eder.

Pompeo 13-14-nji fewralda Polşada Ýakyn Gündogara bagyşlanyp geçiriljek konferensiýa hem gatnaşar.

XS
SM
MD
LG