Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümi bellenilýär


Paýtagt Tähranda adamlar merkezi Azady (Azatlyk) meýdançasyna tarap ýöriş geçirdiler. 11-nji fewral, 2019 ý.
Paýtagt Tähranda adamlar merkezi Azady (Azatlyk) meýdançasyna tarap ýöriş geçirdiler. 11-nji fewral, 2019 ý.

Eýranda 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasynyň 40-njy ýyl dönümi bellenilýär.

1979-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aýatollah Ruhollah Khomeiniň tarapdarlary ABŞ tarapyndan goldanylýan Şa Reza Pahlawini häkimiýetden çetleşdiripdiler. Munuň netijesinde, ýurtda monarhiýa dolandyryşy ýatyrylyp, ruhanylaryň häkimiýeti başlanypdy.

Tähranda we ýurduň beýleki şäherlerinde döwlet tarapyndan gurnaljak demonstrasiýalara ýüzlerçe müň adamyň gatnaşjakdygyna garaşylýar.

Paýtagt Tähranda adamlar merkezi Azady, ýagny Azatlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdiler.

Eýranda her ýyl Yslam rewolýusiýasynyň ýyl dönümini bellemek çäreleri 1-nji fewralda başlanýar. Şol gün, mundan 40 ýyl ozal Khomeini bosgunlykdan Eýrana dolanyp, soňy bilen-de Yslam respublikasynyň ýokary ruhany lideri bolupdy. Baýramçylyk çäreleri 11-nji fewralda, ýagny şa häkimiýetiniň synan güni tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG