Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nýu-Delide myhmanhana ot aldy, 17 adam öldi


Hindistan. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide bir myhmanhananyň ot almagy netijesinde azyndan 17 adam öldi.

Ýerli polisiýa resmileri paýtagtyň günbatarynda ýüze çykan hadysada başga-da azyndan dört adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ýangyn söndürijiler bäş gatly myhmanhananyň içindäki 35 adamyň ewakuasiýa edilendigini mälim etdiler.

Ýangynyň sebäpleri seljerilýär.

Hindistanda howpsuzlyk şertleriniň talaba laýyk berjaý edilmeýändigi sebäpli, ýangyn hadysalary ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG