Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Russiýanyň we Hytaýyň ABŞ-nyň kosmosdaky agalygyna howp abandyrýandygyny duýdurdy


Hytaý kosmosa älem gämisini uçurýar. 2016 ý.
Hytaý kosmosa älem gämisini uçurýar. 2016 ý.

Pentagonyň aňtaw edarasy Russiýanyň we Hytaýyň özleşdirýän tehnologiýalarynyň ýakynda ABŞ-nyň kosmosdaky agalygyna howp abandyryp biljekdigini duýdurdy.

Goranmak Aňtaw Agentligi bu barada 11-nji fewralda ýaýradan hasabatynda belleýär.

Agentlik ABŞ-nyň satellitlerini sandan çykaryp biljek lazerleriň aýratyn alada döredýändigine ünsi çekdi.

Şeýle-de, agentlik Moskwanyň we Pekiniň kosmosdan gözegçilik etmäge ukyply tehnologiýalary işläp düzendiklerini hem mälim etdi.

XS
SM
MD
LG