Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy ‘derňelýär’


Ikhtiýor Abdullaýew
Ikhtiýor Abdullaýew

Özbegistanyň kuwwatly howpsuzlyk gullugynyň ozalky ýolbaşçysy derňelýär diýip, bu ýagdaýdan habarly çeşmeler maglumat berýärler.

Mundan öň, ýagny 11-nji fewralda Özbegistanyň prezidenti Ikhtiýor Abdullaýewiň saglyk ýagdaýlary sebäpli, Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy wezipesinden gidendigini mälim edipdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, 52 ýaşly Abdullaýew oňurgasynda iki operasiýa geçirenden soň wezipesinden gidipdir.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň hökümetiň içindäki üç çeşmesiniň beren maglumatyna görä, 8-nji fewralda Abdullaýewe garşy parahorlyk we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary boýunça jenaýat derňewi başladylypdyr. Resmiler atlandyrylmasyzlygyny soradylar.

Mirziýoýew 2016-njy ýylda ozalky prezident Yslam Kerimow ölenden soň häkimiýetiň başyna geçip, hökümet resmilerini wezipelerinden boşadyp başlapdy.

XS
SM
MD
LG