Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Estoniýada harby ofiser Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde günäli tapyldy


Estoniýa NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.
Estoniýa NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.

Estoniýanyň sudy ozalky harby ofiseri we onuň kakasyny Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde we dönüklikde günäli tapdy.

Estoniýanyň paýtagty Tallinnde geçen sud diňlenişiginde 38 ýaşly Deniss Metsawas we onuň kakasy 65 ýaşly Pýotr Wolin gizlin maglumatlary Russiýanyň harby aňtaw gullugy – GRU satmakda günäli tapyldylar. Metsawas eston armiýasynyň ozalky maýorydyr.

Estoniýanyň prokuraturasynyň beren maglumatyna görä, Metsawa on ýyl töweregi Moskwany gizlin maglumatlar bilen üpjün edipdir. Ol 15,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Woline bolsa alty ýyl türme tussaglygy berildi.

Estoniýa 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, ýurtda içalyçylyk bilen baglylykda birnäçe ýagdaýlar ýüze çykypdy. Hem eston, hem-de rus raýatlary Moskwany gizlin maglumatlar bilen üpjün etmekde aýyplanypdylar.

Estoniýa häzir NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň agzasydyr.

XS
SM
MD
LG