Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümeti agdarmak synanyşygynda aýyplanan iki syýasatçy türmeden boşadyldy


Kubanyçbek Kadyrow, Bektur Asanow, Ernest Karybekow

Häkimiýeti eýelemek synanyşygynda aýyplanyp türmä basylan gyrgyz oppozision syýasatçylary, Kubanyçbek Kadyrow we Bektur Asanow möhletinden öň azatlyga goýberildi.

Gyrgyzystanyň Ýokary sudy olaryň aklawçylarynyň möhletinden öň azatlyga goýbermek hakyndaky haýyşlaryny 12-nji fewralda kanagatlandyrdy.

Bu iki syýasatçy, ýene bir oppozision syýasatçy Ernest Karybekow bilen bilelikde, 2016-njy ýylyň martynda tussag edildi. Olaryň tussag edilmegine internetde ýaýran ses ýazgysy sebäp boldy. Bu ýazgydaky sesler olaryň sesine meňzeşdi we ýazgyda häzirki hökümeti agdarmagyň maslahaty edilýärdi.

Bu syýasatçylar 2017-nji aprelinde hökümeti güýç bilen ele geçirmegi planlaşdyrmakda günäli tapyldy.

Karybekow 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, Kadyrow we Asanow 12 ýyl türme tussaglygyny aldy.

Ýokary sud geçen ýylyň tomsunda olaryň türme möhletlerini gysgaltdy, Kadyrowyň we Asanowyň türme möhletleri sekiz ýyla getirilse, Karybekowyň türme möhleti alty ýyl kemeldildi. Ol şindi hem türmede otyr.

Bu üç syýasatçy özleriniň syýasy sebäpler esasynda türme basylandygyny aýdyp, aýak depýärler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG