Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Warşawada iki günlük Ýakyn Gündogar konferensiýasy geçirilýär 


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo we Polşanyň daşary işler ministri Ýasek Çaputowiç (Jacek Czaputowicz), 12-nji fewral, 2019.

Birleşen Ştatlar Warşawada, Polşanyň beýemçilik etmeginde ullakan Ýakyn Gündogar konferensiýasyny gurnaýar.

13-nji fewralda geçýän konferensiýada esasy üns Eýrana beriljege meňzeýär we Tähran eýýäm bu çäräni duşmançylykly çäre diýip tagmalady we onuň Warşawa üçin anykladşyrylmadyk netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo we Polşanyň daşary işler ministri Ýasek Çaputowiç (Jacek Czaputowicz) iki günlük maslahatyň resmi beýemçileri bolup durýar.

Bu çärä 60 döwletden uly derejeli resmileriň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens we Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu dagy hem bar.

ABŞ adminstrasiýasynyň resmisi geçen aý bu konferensiýanyň "Eýrana garşy duşuşyk ýa-da koalisiýa gurmak maşky däldigini", emma Pompeonyň, resminiň öz sözleri bilen aýtsak, "Eýranyň sebitdäki ýykgynçylykly syýasatyny ara alyp maslahatlaşjakdygyny" aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG