Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda sünni söweşijileriniň hüjüminde 27 sakçy öldürildi


Hüjümiň jogapkärçiligini sünni musulmanlarynyň “Jaiş al-Adl”, ýagny “Adalatyň armiýasy” topary öz üstüne aldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini sünni musulmanlarynyň “Jaiş al-Adl”, ýagny “Adalatyň armiýasy” topary öz üstüne aldy.

Eýranyň günorta-gündogarynda janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjüminde Rewolýusiýa sakçylarynyň azyndan 27 agzasy öldi. Bu barada Eýranyň habar agentlikleri maglumat berýärler.

Hüjümiň jogapkärçiligini sünni musulmanlarynyň “Jaiş al-Adl”, ýagny “Adalatyň armiýasy” topary öz üstüne aldy.

Janyndan geçen içi partladyjyly ulagy Rewolýusiýa sakçylarynyň awtobusynyň üstüne sürüp, partlatdy. Hadysa Sistan-Bulujystan welaýatynyň Zahedan we Kaş şäherleriniň arasyndaky ýoluň ugrunda ýüze çykdy.

Sistan-Bulujystan welaýaty Pakistan bilen serhetde ýerleşip, bu regionda jeňçi toparlary we neşe gaçakçylary hereket edýärler. Sebitde aglaba sünni musulmanlary bolan etniki buluçlar ýaşaýarlar.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 13-nji fewralda amala aşyrylan hüjümi, Warşawada Ýakyn Gündogara bagyşlanyp geçirilýän sammit bilen baglanyşdyrdy. Tähran BMG we Polşa tarapyndan gurnalýan sammitiň “Eýrana garşy gönükdirilendigini” öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG