Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti Hytaýdaky etniki gazaklaryň meselelerini gozgamy dowam etdirjekdigini aýdýar


Serikžan Bilaş

Gazagystanda sud Hytaýdaky etniki gazaklaryň ýüzbe-ýüz meselelerini gün tertibine getiren toparyň liderini hasaba alynmadyk guramany dolandyrmakda günäli tapdy.

Almatynyň sudy Serikžan Bilaşa 252 müň tenge, ýagny $670 dollar möçberinde pul jerimesini saldy.

Bilaş suduň kararyna şikaýat etjekdigini, şeýle-de özüniň “Atažurt Eriktileri”, ýagny “Ata-Watanyň Meýletinçileri” toparynyň Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan etniki gazaklaryň meselelerine ünsi çekmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ol öz toparyny Adalat ministrliginde hasaba aldyrmak ugrunda ýene-de tagalla etjekdigini belledi.

Bilaş 12-nji fewralda sud diňlenişigi başlananda özüni günäli hasaplamaýandygyny aýtdy.

Bilaş soňky aýlaryň dowamynda Şinjiangdan Gazagystana göçüp gelen entiki gazaklary toplap, olaryň ýakynlarynyň Hytaýyň “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” diýlip atlandyrylýan sebitlerinde saklanýandygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG