Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” ABŞ-nyň araçylary bilen Pakistanda gepleşik geçirjekdigini aýdýar


“Talybanyň” sözçüsi Yslamabatda Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen hem gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.
“Talybanyň” sözçüsi Yslamabatda Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen hem gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

“Talyban” toparynyň wekilleri owgan parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde, 18-nji fewralda ABŞ-nyň wekilleri bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdylar. Bu aralykda, Döwlet Departamenti ABŞ-nyň toparyna bu barada çakylygyň gowuşmandygyny aýtdy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid gepleşikleriň Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçjekdigini aýtdy. Mundan bir hepde soň, ýagny 25-nji fewralda Katarda hem gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

“Talybanyň” beýanatyny görsek-de, bize bu boýunça resmi çakylyk ýollanmady” diýip, Döwlet Departamentiniň metbugat wekili aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Mujahid Yslamabatda Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen hem gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Owganystanyň goňşusy we regionda uly harby güýje eýe bolan Pakistanyň owgan parhatçylyk gepleşiklerinde möhüm rol oýnaýandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG