Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty açyldy


Germaniýanyň baýdagy
Germaniýanyň baýdagy

Germaniýanyň paýtagty Berlinde türkmen-german işewürler maslahaty açyldy.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, maslahata Germaniýanyň DIM-niň, Ykdysadyýet we energetika, Oba hojalygy we azyk federal ministrlikleriniň, Halkara hyzmatdaşlygy nemes jemgyýetiniň, Telekeçilige goldaw bermegiň gündogar-ýewropa birleşiginiň, Merkezi Aziýadaky nemes ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň dagy wekilleri gatnaşýarlar.

Çäräniň çäginde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi hem guraldy.

TDH Germaniýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýandygyny aýdyp, olaryň ençemesiniň atlaryny hem sanap geçdi. Emma, resmi türkmen metbugatynda Türkmenistan bilen işleşen Rohde & Schwarz kompaniýasy agzalmaýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň türkmen ýörite gulluklaryny öz raýatlaryny Internetde yzarlamakda hem-de özge pikirli adamlary anyklamakda ulanylýan enjamlar bilen üpjün eden bolmagy ahmaldygy barada derňewini çap edipdi.

XS
SM
MD
LG