Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sudýasy Lesiniň jeset derňewleriniň hasabatynyň tabşyrylmagyny buýurdy


Orsýetiň ozalky metbugat ministri Mihail Lesin. Arhiw suraty, 2002 ý.
Orsýetiň ozalky metbugat ministri Mihail Lesin. Arhiw suraty, 2002 ý.

Waşingtonyň sudýasy şäheriň medisina barlagçysyna Mihail Lesiniň, Orsýetiň ozalky metbugat ministriniň jesediniň kesilip barlanmagyna degişli maglumatlary we derňew bilen bagly beýleki ýazgylarytabşyrmagy buýurdy.

Mihail Lesin üç ýyl gowrak mundan öň Waşingtondaky myhmanhana otagynda öli tapyldy.

13-nji fewraldaky karar Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Lesiniň 2015-nji ýylyň noýabryndaky ölüminiň dowam edýän derňewi babatdaky dokumentleri almaga çalşyp, Maglumat azatlygy akty boýunça eden sud şikaýatyna jogap edilip çykaryldy.

Bir zaman prezident Wladimir Putiniň hökmürowan metbugat geňeşçisi bolan Lesin 2012-nji ýyl töwereginde ozalky täsirini ýitridi we jesedi "Dupont Circle” myhmanhasynyň bir otagyndan tapylýança kän göze ilmän ýaşady.

Kütek zat bilen urulmagy sebäpli ölendigi barada çykarylan resmi netijä garamazdan, esasy şübhe onuň Adalat departamentine maglumat bermezligi üçin öldürilip-öldürilmändigi hakyndaky gümana gönükdi.

Sudýa Hiram Puig-Lugo medisina ýazgylarynyň, toksikologiki hasabtlarynyň, elektron poçta hatlarynyň we belli-belli atlardan we şahsy maglumatlardan “saplanan” beýleki materiallaryň 20-nji fewrala çenli tabşyrylmagyny buýurdy.

Puig-Lugo öz kararynda şäher aklawçylarynyň Lesiniň maşgalasynyň onuň ölümi bilen bagly ýagdaýlar babatdaky şahsy bähbitleriniň jemgyýetçilik bähbitlerinden ýokary durýandygy hakyndaky delillerini ret etdi.

Lesiniň jesedi 2015-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Ak tamdan sähel uzaklykdaky “Dupont Circle” myhmanahanasyndan tapyldy. Medisina barlaglary netijesinde başda gelnen we martda aýan edilen kararda Lesiniň kütek predmet trawmasyndan ölendigi öňe sürüldi, ýöne onuň nähili usulda ölendigi “kesgitlenmedi”.

Emma 2016-njy ýylyň oktýabrynda Waşingtondaky prokuratura edarasy we şäher polisiýasy tarapyndan çap eden jemleýji hasabatda ölümiň sebäbi atdanlykda, ýagny merhumyň ýykylmagy netijesinde boýnuna, göwresine we gollaryna düşen ýaralar bilen düşündirildi. Etanol bilen ýiti zäherlenmek bolsa goşmaça faktorlaryň biri hökmünde agzaldy.

Bu hasabat bir zaman hökmürowan we baý adam bolan, Orsýetiň garaşsyz telewideniýesini basyp ýatyrmakda we halkara RT telekanalyny döretmekde Kreml üçin uly hyzmat bitiren Lesini gowy tanaýan adamlar, onuň iş tanyşlary tarapyndan uly şübhe bilen garşy alyndy.

2016-njy ýylda AÝ/AR bilen gürleşen we Lesiniň öli tapylan otagyna göni girmek mümkinçiligi bolan bir adam onuň öz otagynda ýekelikde ölmegi fiziki taýdan mümkin däl diýdi. Polisiýa tarapyndan çap edilen suratlar onuň ölen otagyndaky piwo hem-de likýor çüýşelerini, dollar banknotlaryny we polda bulaşyp ýatan eşikleri görkezdi. Lesniniň ýoldaşlary “Dupont Circle” myhmanhanasynyň onuň gymmatbaha harytlary we kaşaň myhman otaglaryny aşa gowy görmek gylygyna laýyk gelmeýändigini aýtdylar.

Lesin “Dupont Circle” myhmanhanasyndan öň wagtyny Waşingtonyň başga bir künjegindäki has kaşaň “Four Seasons”, ýagny “Dört pasyl” myhmanhanasynda geçiripdir.

Şäher polisiýasynyň hasabatyna görä, Lesin 3-nji noýabrda agyr içgili ýagdaýda gelende, “Dört pasyl” myhmanhanasynyň resmileri ABŞ-nyň gizlin gullugyna jaň edipdirler. Gizlin gulluk resmilere, hiç ýere gitmez ýaly, onuň gapysynda garawul goýmagy maslahat beripdir. Ol “Dupont Circle” myhmanhanasyna şondan bir gün soň ýerleşipdir.

2014-nji ýylda, ölmezinden bir ýyl öň Lesin ABŞ senatynyň ünsüni çekdi, şonda bir kanun çykaryjy Federal derňew býurosynyň ony pul ýuwmak ähtimallygy bilen bagly derňemegine çagyrdy.

Lesiniň 40 million dollarlyk gämisi we Bewerly Hillzde, Kaliforniada ýerleşýän willalary bardy, ol jaýlarda onuň çagalary we aýrylyşan aýaly ýaşaýardy. Ölmezinden birnäçe aý öň rus mediasy onuň özünden has ýaş rus modeli bilen baş goşandygyny, ol aýalyň Lesinden göwrelidigini habar berdi.

Wiktoria Rahimbaýewa diýip bilinýän aýalyň häzir nirededigi belli däl.

Kanun goraýjy işgärler bilen habarlaşan bir adam Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna Lesiniň ölüminden öňki aýlarda Adalat departamenti bilen aragatnaşyk saklandygyny gürrüň berdi.

BuzzFeed saýty 2018-nji ýylyň martynda ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, ozalky britan aňtaw ofiseri Kristofer Stiliň (Christopher Steele) Federal derňew býurosyna Lesiniň Putina ýakyn oligarh üçin işleşýän güýç işgärleri tarapyndan urlup öldürilendigini görkezýän hasabat berendigini habar berdi. BuzzFeediň hasabatyna oligarhyň ady aýdylmady.

Stil soňra prezident Donald Trampyň Orsýet bilen çak edilýän baglanyşyklaryny jikme-jik beýan edýän ýazgylar tapgyry bilem meşhur boldy.

Ölenden soň Lesiniň emläkleriniň käbiri ýuwaş-ýuwaşdan satyldy. Onuň gämisi 2016-njy ýylda Floridada satylan bolsa, 2017-nji ýylda Bewerli Hilzdäki iki jaýy $23 million we $29 million bahalarynda satuwa çykaryldy. Ol jaýlaryň satylyp-satylmany häzirlikçe belli däl.

XS
SM
MD
LG