Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleksiýewiç: Belarusdaky mekdep hüjümine “gazaplylyk atmosferasy” sebäp boldy


Swetlana Aleksiýewiç

Belarusly ýazyjy we Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiýewiç geçen hepde Belarusdaky mekdepleriň birinde amala aşyrylan hüjüme ýurtdaky “gazaplylyk atmosferasy” diýip atlandyran ýagdaýlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Şol hüjümde, iki adam öldürilip, ikisi hem ýaralanypdy.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aleksiýewiç Belarusda prezident Aleksandr Lukanşenkadan başlap, gündelik durmuşda gazaplylygyň aklanýandygyny, adam mertebesiniň depelenýändigini aýtdy.

11-nji fewralda Minskiň 65 kilometr günorta-günbataryndaky Stouptsy şäherinde 15 ýaşly ýetginjek sapak wagty aýal mugallymasyny we 17 ýaşly beýleki bir okuwçyny pyçaklap öldüripdi, başga-da iki okuwçyny ýaralapdy.

12-nji fewralda Lukaşenka hüjüme mekdep resmileriniň we Bilim ministrliginiň jogapkärdigini aýtdy.

“Biziň mekdeplerimiz bulam-bujarlyk, durşuna bulaşyklyk! Bular ýaly zat öňler bolmandy. Etrabyň bilim resmileri wezipesini başarmadylar. Bilim ministrligi wezipesini başarmady. Şol mekdepde tertip-düzgün ýokdy. Näme üçin?” diýip, Lukaşenka çykyş etdi.

“Lukanşenkanyň özüni alyp barşyna bir serediň-ä. Ol ministriň “ellerine gandal dakyljakdygy” bilen haýbat atýar. Bu gazaplylykdan, adam mertebesiniň depelmeginden başga hiç zat däl” diýip, Aleksiýewiç belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG