Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Harajatlary ýerlikli ulanmagyň” çäginde Aşgabat şäher Halk bilim bölüminiň 'hasapçylary kemeldiler'


Barlagyň netijesinde Aşgabadyň şäher halk bilim bölüminiň (gorONO) bölümleriniň birini ýapmak barada degişli karar kabul edilipdir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky edaralarda geçirilýän töwerekleýin barlaglar maliýe serişdeleriniň netijesiz ulanylmagynyň faktlaryny ýüze çykardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri maglumat berýär.

Barlagyň netijesinde Aşgabadyň şäher halk bilim bölüminiň (gorONO) bölümleriniň birini ýapmak barada degişli karar kabul edilipdir.

Neşiriň maglumatyna görä, bu bölümde 28 adam işleýär we ol çagalar baglaryndan gelýän serişdeleriň hasabyny ýöretmek hem-de olara gözegçilik etmek bilen meşgullanýar.

Mundan öň, çagalar baglary üçin tölegleri mekdebe çenli edaranyň işgärleriniň biri ene-atalardan nagt pul görnüşinde alyp, toplanan serişdäni şäher halk bilim bölüminiň buhgalteriýasyna tabşyrýardy we soň bu ýerde Bilim ministrligi üçin aýlyk maliýe hasabaty taýýarlanylýardy.

Indi çagalary çagalar bagyna gatnaýan ene-atalaryň töleglerini banklaryň üsti bilen ýa-da bank kartlary arkaly tölemegi barada karara gelindi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” belleýär.

Bu maglumaty degişli bilim resmilerine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG