Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO parahatçylyk gepleşiklerine owgan hökümetiniň gatnaşdyrylmagyny goldaýar


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Khalilzad bilen “Talyban” wekilleriniň Owganystandaky 17 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak ugrundaky alyp barýan gepleşiklerine owgan hökümetiniň doly derejede gatnaşdyrylmagyny goldaýar diýip, Ýaranlygyň başlygy Ýens Stoltenberg Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Owgan hökümeti häzire çenli ABŞ-“Talyban” gepleşiklerinden çetde tutulýar. Bu hem öz gezeginde Kabulyň nägileligini döredýär.

Jeňçiler owgan hökümetini “Günbataryň oýnatgasy” atlandyryp, onuň bilen gönümel gepleşiklere başlamakdan ýüz öwrüp gelýär.

“Owganystanda uzak möhletleýin parahatçylygyň ornaşdyrylmagy üçin owganlaryň, şol sanda hökümetiň hem [gepleşiklere] çekilmegi zerurdyr” diýip, NATO-nyň baş sekretary Stoltenberg Brýusselde Azatlyk Radiosyna interwýu berdi.

XS
SM
MD
LG