Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ERS-a edilen hüjümiň arkasynda ABŞ-nyň durandygy baradaky Tähranyň aýyplamalaryny “tisgindiriji” atlandyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Eýranyň günorta-gündogarynda amala aşyrylan hüjümiň arkasynda, hamana, Birleşen Ştatlaryň we onuň regional ýaranlarynyň durandygy baradaky Tähranyň aýyplamalaryny “tisgindiriji” atlandyryp, olary ret etdi.

13-nji fewralda Eýranyň Sistan-Bulujystan welaýatynyň Zahedan we Kaş şäherleriniň arasyndaky ýoluň ugrunda janyndan geçen hüjümçi içi partladyjyly ulagy Eýranyň Rewolýusiýa Sakçylarynyň (ERS) awtobusynyň üstüne sürüp, partladypdy. Wakada sakçylaryň 27 agzasy heläk bolupdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini sünni musulmanlarynyň “Jaiş al-Adl”, ýagny “Adalatyň armiýasy” topary öz üstüne aldy.

Hüjümiň ertesi güni, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif hüjümi Pompeonyň we Polşanyň daşary işler ministri Ýatsek Çaputowiçiň (Jacek Czaputowicz) howandarlygynda Warşawada Ýakyn Gündogara bagyşlanyp geçirilýän sammit bilen baglanyşdyrdy.

Pompeo Waşawadaky 'taryhy' konferensiýany gutlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:02 0:00

14-nji fewralda Pompeo Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna, ýagny Farda Radiosyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň Eýrandaky howpsuzlyk güýçlerine edilen hüjümler bilen ilteşiginiň ýokdugyny belledi.

“Amerikanlaryň bular bilen ilteşigi ýok” diýip, Pompeo nygtady.

Zarif 15-17-nji fewral aralygynda Mýunhende dünýä liderleriniň we ekspertleriniň sammitine gatnaşar. Bu sammitde howanyň üýtgemegi, halkara howpsuzlygy ýaly meselelere garalar.

Pompeo Zarifiň “Mýunhendäki sammitde Ýewropa döwletleriniň aglabasy bilen duşuşjakdygyny belläp, şol döwletleriň wekilleriniň jenap Zarif bilen duşuşanda bular ýaly tisgindiriji zatlary nädip aýdyp bilendigini soramagy haýyş etjekdigini” hem aýtdy.

Interwýu Pompeonyň Warşawadaky konferensiýa gatnaşýan pursady alyndy. Waşingtonyň baş diplomaty Ýewropa liderleriniň, Zarifiň Eýrandaky hüjümi Polşanyň paýtagtynda geçýän sammit bilen baglanyşdyrmagy boýunça eden bellikleri üçin, eýran resmisine basyş etmelidiklerini aýtdy.

“Käte [Zarif] aram durýar. Ysraýyly we Amerikany adam öldürmekde günälemek aram däl. Bu aram däl” diýip, Pompeo belledi.

Tähran Warşawadaky konferensiýany Eýrana garşy gönükdirilen “sirk” diýip atlandyrdy. Ol ABŞ-ny, Ysraýyly we Birleşen Ştatlaryň ýarany Saud Arabystanyny Eýranyň howpsuzlyk gulluklaryna garşy hüjümleri amala aşyrýan sünni jeňçi toparlaryny goldamakda aýyplap gelýär. Ady agzalan döwletler bu aýyplamalary inkär edýärler.

Pompeo Farda Radiosyna beren interwýusynda Warşawaky sammiti “taryhy” diýip atlandyryp, onuň Ýakyn Gündogarda, şol sanda Eýranda, Siriýada we Ýemende parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmagy maksat edinýändigini belledi.

Warşawadaky konferensiýa Russiýa we Hytaý gatnaşmadylar. Emma, rus prezidenti Wladimir Putin Soçi şäherinde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen sammit geçirip, Siriýanyň geljegini maslahat etdi.

Pompeo Warşawadaky konferensiýada ysraýyllylaryň we araplaryň hem bilelikde oturyp, “Eýranyň abandyrýan howpuny” maslahat edendiklerini nygtady.

Pompeo Trampyň administrasiýasynyň göz öňünde tutýan maksadynyň aýdyňdygyny, ýagny Tähranyň özüni alyp barşyny üýtgetmegi maksat edinýändigini aýtdy. Emma, ol režimiň üýtgedilmegi boýunça çagyryş etmedi.

“Biz Eýran halkynyň sesini eşitdirip bilmegini isleýäris. Biz režimiň özüni alyp barşyny üýtgetmegini isleýäris. Biz onuň özüni adaty döwlet ýaly alyp barmagyny isleýäris” diýip, Pompeo aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG