Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanynyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Prezident Aşraf Gani owgan TW-sinde göni efirde çykyş edýär. Kabul, 28-nji ýanwar, 2019 ý.

Owganystanynyň prezidenti Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapara gelmegine taýýarlyk görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 15-nji fewralda geçirilen mejlisinde habar berildi. Emma saparyň amala aşyryljak senesi aýdylmady.

TDH-nyň ýazmagyna görä, sapar wagtynda “ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar”.

Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan goňşy ýurda döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

“Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurulmagy, işgärleri taýýarlamakda ýardam berilmegi, ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr” diýip, habarda aýdylýar.

Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler özleriniň Türkmenistana baryp, ata-baba ýurtlaryny görmek, iş gatnaşyklaryny gurmak islegleriniň wiza almak mümkinçilikleriniň aşa çylşyrymlaşdyrylmagy zerarly başa barman gelýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG