Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýetden S-400 howa-gorag ulgamyny satyn almakdan çekilmeýär


Rrezident Rejep Taýyp Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Soçi, 14-nji fewral, 2019.
Rrezident Rejep Taýyp Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Soçi, 14-nji fewral, 2019.

Türkiýäniň prezidenti öz ýurdunyň, ABŞ-nyň bu ylalaşyk babatdaky basyşyna garamazdan, Orsýetden kämilleşdirilen S-400 howa-gorag ulgamyny satyn almak planlaryndan el çekmeýändigini aýdýar.

"Biz Orsýet bilen S-400 barada ylalaşyk baglaşdyk, onsoň biz üçin bu meselede yza dönmek bolmaz” diýip, prezident Rejep Taýyp Erdogan 16-njy fewralda Ankarada žurnalistlere aýtdy.

ABŞ resmileri NATO agzasy bolan Türkiýä ABŞ-nyň Patriot-raketa gorag ulgamyny $3.5 milliarda almak teklibine jogap bermek barada 15-nji fewrala çenli resmi bolmadyk möhlet berdiler.

Erdogan Türkiýäniň şindi hem Patriot ulgamyny satyn almaga açykdygyny aýtdy, emma Waşington, eger Ankara Moskwa bilen ylalaşygyndan çekilmese, öz teklibini yzyna aljakdygyny aýtdy.

Waşington Orsýetiň S-400 ulgamynyň NATO-nyň howa-goragyna integrirlenip bilinmejekdigini aýtdy.

"Biz S-400 ulgamyny iýulda getirmek barada beren wadamyzda tapylmak üçin işlemegi dowam edýäris” diýip, Erdogan aýtdy.

Orsýetiň harby-tehniki hyzmatdaşlyk gullugynyň başlygy Dmitriý Şugaýew 6-njy fewralda “Kommersant” gazetine Orsýetiň Türkiýe bilen ylalaşygy 2019-njy ýylyň güýzüne çenli tamamlamagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Biraz öňki media habarlarynda Türkiýäniň $2.5 millarda S-400 ulgamlarynyň dört batolýonyny satyn aljakdygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG