Owganystan “Talyban” gepleşiklçileriniň Pakistana planlaşdyrylan sapary hakynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine aladasyny bildirdi. Owgan hökümetiniň pikiriçe, jeňçi toparyň Yslamabada sapar etjek agzalary BMG-nyň gadaganlygy astynda we bu hili islendik duşuşyk hakynda öňünden Kabul bilen maslahatlaşylmagy zerur.
“Talybanyň” gepleşige gatnaşyjylary 14-nji fewralda özleriniň Pakistana gidip, dowam edýän owgan parahatçylyk gepleşikleriniň çäginde 18-nji fewralda ABŞ wekilleri bilen duşuşjakdyklaryny, şeýle-de özleriniň, Pakistan-Owgansystan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin, Pakistanyň premýer-ministri Imran Han bilen görüşjekdiklerini yglan etdiler.
Howpsuzlyk geňeşine iberilen we Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna mälim bolan hatda BMG-däki owgan missiýasy “Talyban-Pakistan” hereketiniň “Owganystanyň milli özygtyýarlylygyny bozýandygyny” öňe sürýär.
Owgan hökümeti ABŞ-“Talyban” gepleşiklerinde bolmady we bu ýagdaý Kabulda gahar-gazap döremegine sebäp boldy. “Talyban” Kabuldaky hökümeti günbataryň gurjagy hasaplaýar we şu wagta çenli onuň bilen göni gepleşmekden ýüz öwrüp gelýär.