Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylly konoçy Berlin festiwalynda “Altyn aýy” baýragyny aldy


Fransua Ozonyň "Hudaýyň merheneti bilen" atly dramasy “Kümüş aýy” baýraygyny aldy. 
Fransua Ozonyň "Hudaýyň merheneti bilen" atly dramasy “Kümüş aýy” baýraygyny aldy. 

Ysraýylly kinorežissýor Nadaw Lapidiň “Sinonimler” atly kinosy Berlindäki film festiwalynda arzyly “Altyn aýy” baýragyna mynasyp boldy.

Bu baýrak 16-njy fewralda, abraýly kino bäsleşiginiň 69-njy sanynda, german paýtagtynda gowşuryldy.

Fransuz film direktory Fransua Ozonyň katolik ybadathanasynda çaga zorlugynyň pidasy bolanlar hakynda gürrüň berýän "Hudaýyň merhemeti bilen" atly dramasy “Kümüş aýy” baýraygyny aldy.

Demirgazyk makedoniýaly kinoçy Teona Strugar Mitewskanyň “Hudaý bar, onuň ady Petrunýa” atly filmi alty agzaly žýuri tarapyndan hiç bir uly baýraga mynasyp görülmedi.

Ýokary baýraklar üçin 16 film bäsleşdi, olaryň ýedisi zenan kinoçylaryň döreden filmleri boldy.

XS
SM
MD
LG