Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif ABŞ-nyň öz ýaranlaryny Eýran ylalaşygyndan çykmaga yrmak tagallalaryny ýazgardy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tährandaky metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Arhiw suraty
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Tährandaky metbugat ýygnagynda çykyş edýär. Arhiw suraty

Eýranyň daşary işler ministri Waşingtonyň ýewropaly ýaranlaryna Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmaklary barada görkezýän basyşlaryny ýazgaryp çykyş etdi.

Mohammad Jawad Zarif 17-nji fewralda Mýunhendäki howpsuzlyk maslahatynda çykyş edip, ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens “Ýewropanyň öz howpsuzlygyny gowşatmak we borçnamalaryny bozmak bilen, Birleşen Ştatlara goşulmagyny gedemsi talap etdi” diýdi.

Zarif konferensiýada Ýewropanyň Grmaniýa, Fransiýa we Britaniýa ýaly döwletlerini ylalaşykdan çykmakda Waşingtonyň yzyna eýermäge hem-de ABŞ-nyň sanksiýa tagallalaryny gowşatmagy bes etmäge çagyran Pensden bir gün soň çykyş etdi.

Şeýle-de Zarif Ýewropanyň Eýran bilen edýän söwdasynyň ýeterlik bolmandygyny, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň, Eýran bilen ylalaşykda boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin, has kän tagalla etmelidigini aýtdy.

2015-nji ýyldaky şertnama Tährana, ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine, sanksiýalardan boşadylmak kepilligini berýär.

XS
SM
MD
LG