Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Pakistandaky gepleşikleri yza süýşürdi


"Talybanyň" wekilleri Moswkadaky gepleşiklere gatnaşýarlar.
"Talybanyň" wekilleri Moswkadaky gepleşiklere gatnaşýarlar.

“Talyban” Pakistanda geçirmegi planlaşdyrylan parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny ýatyrdy. Jeňçi topary muňa öz wekilleriniň aglabasynyň, ABŞ-nyň we BMG-niň sanksiýalary sebäpli, Pakistana aşyp bilmejekdikleri bilen düşündirdi.

Bu baradaky beýanat 17-nji fewralda ýaýradyldy. Duşuşyk 18-nji fewrala planlaşdyrylyp, onuň dowamynda jeňçi toparynyň Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulypdy. Beýanatda başga goşmaça maglumat berilmedi.

Beýanatdan birnäçe sagat öň, Owganystan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde “Talybanyň” Pakistana planlaşdyrylan saparyna protest bildiripdi.

Owganystanyň BMG-däki missiýasynyň ugradan haty bilen Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy hem tanyşdy. Onda “Talyban”-Pakistan gepleşikleriniň “Owganystanyň özygtyýarlygyny bozýandygy” bellenilýär.

XS
SM
MD
LG