Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti Aşgabada sapar eder


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti şu hepdäniň dowamynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşraf Ganiniň etjek saparyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Emma, saparyň anyk senesi barada hiç zat aýdylmady.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iki sany iri halkara proýekti amala aşyrylýar.

Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. Emma, bu proýektiň amala aşmagyna maliýe meseleleri bilen birlikde, Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň hem wehim salýandygy bellenilýär.

Şeýle-de, Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana demir ýol liniýasynyň çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Aşraf Gani geçen gezek Aşgabada 2017-nji ýylyň iýul aýynda bardy.

XS
SM
MD
LG