Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MMA boýunça türkmen türgeni ACA çempiony boldy


Döwletjan Ýagşymyradow
Döwletjan Ýagşymyradow

Garyşyk söweş tärleri, ýagny MMA boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Absolute Championship Akhmat (ACA) ligasynyň 93 kilograma çenli, ýarym-agyr agram derejesiniň çempiony boldy.

Warşawada geçirilen ACA-92 turniriniň çägindäki duşuşykda 29 ýaşly türkmen türgeni dördünji raundda 39 ýaşly polşaly Karol Selinskini tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Ýagşymyradow bu assosasiýada 2017-nji ýylda çykyş edip başlady. Ol şondan bäri geçiren bäş duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanmagy başardy.

XS
SM
MD
LG