Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwanyň baş diplomaty: ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalary “käte juda kiçi, käte-de gaty giç”


Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçius

Litwanyň daşary işler ministri Linas Linkewiçius Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň Ukrainadaky ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak hereketlerine jogap edip Moskwa garşy girizýän sanskiýalaryň “kähalatda juda kiçidigini, kähalatlarda bolsa gaty giçdigini” aýtdy.

Linkewiçius bu barada Brýusselde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi. Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukrainadaky ýagdaýlary maslahat edýärler.

ÝB Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan, şeýle-de ýurduň gündogaryndaky separatistlere goldaw berip başlanyndan soň, Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi.

Russiýanyň bank we energiýa pudaklaryna gönükdirilen sanksiýalaryň möhleti şondan bäri her alty aýdan uzaldylyp gelinýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG