Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran bombaly hüjüm bilen ilteşikli alty adamy tussag edendigini aýdýar


13-nji fewralda janyndan geçen hüjümçi içi partladyjyly ulagy awtobusyň üstüne sürüp, sakçylaryň 27 agzasyny öldüripdi.

Eýran geçen hepde Sistan-Bulujystan welaýatynda Rewolýusiýa sakçylaryna garşy amala aşyrylan bombaly hüjüm bilen ilteşikli alty adamy tussag edendigini mälim etdi. 13-nji fewralda janyndan geçen hüjümçi içi partladyjyly ulagy awtobusyň üstüne sürüp, sakçylaryň 27 agzasyny öldüripdi. Bu Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan iň ganly hüjüm hökmünde häsiýetlendirildi.

Rewolýusiýa sakçylary Sarawan we Khaş şäherlerinde “terrorist” diýip atlandyran üç adamyň saklanandygyny aýtdylar.

Sistan-Bulujystan welaýatynyň prokurorynyň beren maglumatyna görä, hüjüm bilen baglanyşykly bolmakda güman edilip, başga-da üç adam tussag edilipdir.

Resmiler Sarawan we Khaş şäherlerinde geçirilen gözleg işlerinde 150 kilogram partladyjynyň we 600 kilogram “partladyjy serişdeleriň” ele salynandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG