Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan Hindistan bilen gepleşiklere çagyrýar


Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Kaşmir sebitinde hindi esgerleriniň ölümine getiren janyndan geçeniň hüjümine Yslamabadyň hiç hili dahylynyň ýokduguny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak üçin gepleşikleriň ýeke-täk ýoldugyny belledi.

Khan Hindistanyň “hiç hili delilsiz Pakistana aýyplama bildirendigini”, şeýle-de öz hökümetiniň Kaşmirdäki hüjümi derňemek üçin Nýu-Deli bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

“Pakistanyň muňa goşulandygyna yşarat edýän nähilidir bir esasly deliliňiz bar bolsa, onda ony biziň bilen paýlaşyň. Men biziň degişli çäreleri görjekdigimize söz berýärin” diýip, Khan belledi.

“Pakistana sapak berilmelidigi barada Hindistandan dürli sesleri eşidýäris. Pakistan ar almak barada pikir etmeýär, biz ar alarys. Siz bize başga çykalga goýmaýarsyňyz” diýip, Khan çykyş etdi.

Mundan öň, Pakistanyň daşary ministri Hindistan bilen dartgynlygy gowşatmaga hemaýat bermegi sorap, BMG-e hat ýollady.

Hindistan Kaşmirde amala aşyrylan hüjümleriň arkasynda Yslamabadyň durandygyny aýdyp, ar almak bilen haýbat atdy.

18-nji fewralda Yslamabat konsultasiýalar üçin özüniň Nýu-Delidäki ilçisini hem çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG