Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidentiniň dogany sud edilýär


Hossein Fereidoun. Arhiw suraty
Hossein Fereidoun. Arhiw suraty

Tähranda Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň iki ýyl ozal maliýe bidüzgünçiliklerinde aýyplanyp gysga wagt tussag edilen doganynyň sud seljerişligi başlandy diýip, ýerli media habar berýär.

Hossein Fereidoun we onuň dört egindeşi 19-njy fewralda başlanan sud diňlenişigine getirildi diýip, “Mizan” habar websaýty habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, döwlet garalawçysy sud diňlenişigi mahalynda olara bildirilýän aýyplamalary okady. Emma habarda hiç bir jikme-jiklik aýdylmaýar.

Fereidoun we onuň dogany birmeňzeş familiýany götermeýär, sebäbi Rohany öz familiýasyny çalyşdy.

Rohaniniň baş geňeşçisi bolan Fereidoun 2017-nji ýylda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edildi we derrew girew astynda azatlyga goýberildi.

Konserwatiwler maliýe-korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplap, Fereidounyň sud edilmegini talap etdiler.

XS
SM
MD
LG