Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin orsýetlileriň durmuşyny gowulandyrjagyny we ABŞ-ny nyşana aljagyny aýdýar


 Prezident Wladimir Putin halka ýüzlenýär.
Prezident Wladimir Putin halka ýüzlenýär.

Orsýetiň prezidenti nobatdaky halka ýüzlenmesinde, başga meseleleriň arasynda, orsýetlileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak wadasyny berdi we, eger ABŞ Ýewropada orta aralyga ýetýän raketalaryny ýerleşdirse, Moskwanyň diňe ol ýaraglaryň ýerleşdirilen ýurtlaryny däl, Birleşen Ştatlary hem nyşana aljagyny duýdurdy.

Prezident Wladimir Putin rus maşgalalarynyň ýaşaýyş derejelerini ýokarlandyrmak üçin bir topar çäre görmäge çagyrdy. Bu çagyryş pikir soramalaryň rus liderine bolan ynamyň rekord derejede peselendigini, orta gatlak derejesindäki orsýetlileriň gün-güzeranyny zordan aýlaýandygyny görkezen wagtyna gabat geldi.

Putin 20-nji fewralda Orsýetiň iki palataly parlamentine, Federal ýygnaga eden ýüzlenmesinde ýurduň indi öz ösüşine “ägirt uly” serişdeleri maýa ýatyrjakdygyny, olaryň “karz alnan däl, gazanylan” serişdelerdigini aýtdy.

Putin orsýetlileriň ýaşaýyş şertleriniň indi uzaga gitmän, birnäçe ýyl içinde gowulandyryljakdygyny hem wada berdi.

Putin bu çykyşyny dolandyryşynyň 13 ýylynda jemgyýetçilik içindäki goldawynyň öz iň pes derejesine düşen wagtynda edýär. Kreml bilen baglanyşykly barlag institutynyň golaýda geçiren pikir soramalaryna görä, orsýetlileriň bäşden birinden gowragy garyplykda, ýeter-ýetmezlikde ýaşaýar.

Putin rus syýasatynda 1999-njy ýyldan bäri, ýa prezident, ýa premýer-ministr hökmünde, ýigrimi ýyl bäri agalyk edýär. 66 ýaşyndaky Putin 2018-nji ýylda ýene bir 6 ýyl möhlete gaýtadan prezident saýlandy.

Tankytçylar onuň syýasy oppozisiýany we başga pikirlileri basyp ýatyrmak bilen häkimiýete monopoliýany saklap galýandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň prezidenti, eger Birleşen Ştatlar Ýewropada orta aralyga ýetýän raketalaryny ýerleşdirse, Orsýet diňe ol ýaraglaryň ýerleşdirilen ýurtlaryny däl, eýsem Birleşen Ştatlary hem nyşana alar diýdi.

Putin Orsýetiň Birleşen Ştatlar 1987-nji ýylda baglaşylan Orta aralyk ýadro güýçleri ylalaşygyndan öz raketa-gorag sistemasyny işläp düzmek üçin çykdy diýen delilini tekrarlardy.

Birleşn Ştatlar şu aýyň başynda (2-nji fewral), Waşington we NATO Moskwany gaýta-gaýta öz 9M729 ganatly raketasyny (SSC-8 diýip hem bilinýär) gurup, şertnamanyň düzgünlerini bozmakda aýyplanyndan soň, Orta aralyk ýadro güýçleri ylalaşygyndan çykmagyň alty aýlyk prosesine başlady.

Bu aýyplamany ret edýän Orsýet hem özüniň orta aralyk ýadro güýçleri ylalaşygyndan çykjakdygyny yglan etd. Bu ylalaşyk iki ýurduň hem gury ýer ganatly raketalaryny atyjysyny ýa-da 500 we 5,500 kilometr aralygyna ýetýän ballistik raketalary işläp düzmegini we edinmegini gadagan edýärdi.

Putin Orsýet Birleşen Ştatlar üçin wehim däl, emma “doly bahaly, deň derejeli we dostlukly aragatnaşyk” isleýär diýdi.

Şeýle-de Putin 2018-nji ýyldaky halka ýüzlenmesinde aýan eden täze ýadro ýaragynyň gijikdirilmezden öndüriljekdigini nygtady.

Ol Orsýetiň şu ýazda özüniň ýadro ýaragyny göterýän dron bilen enjamlaşdyrylan, ýadro zarbasyny urmaga ukyply ilkinji suwasty gämisiniň degişli ýerinde ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

Putin Birleşen Ştatlary Orsýetiň “kanuny bähbitlerini” äsgermezlikde we “Orsýete garşy aktiwlikleri” gurnamakda, şol sanda ykdysady sanksiýa girizmekde aýyplady.

Waşington we onuň ýaranlary Moskwa garşy ykdysady sanksiýalary ol Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, Gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bereninden soň girizdi.

XS
SM
MD
LG