Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystan bilen strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi


Prezident Aşraf Gani (S) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen. Owganystan, 2018.
Prezident Aşraf Gani (S) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen. Owganystan, 2018.

Türkmen we owgan prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani öz ýurtlarynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy iki lideriň Aşgabatda, 21-nji fewralda, ikitaraplaýyn söwda, energiýa we medeni gatnaşyklary özdürmek barada maslahat edenlerinden soň, şertnama gol çekendiklerini habar berdi.

Berdimuhahamedow Türkmenistanyň “Talyban” gepleşikçileri bilen owgan resmileriniň özara parahatçylyk gepleşiklerine girişmeklerine kömek etmek synanyşygyna hem taýýardygyny aýtdy.

Beýleki meseleler bilen bir hatarda dowam edýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada hem maslahat edildi.

Şeýle-de, energiýa we transport pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Türkmenistany Owganystan we Täjigistan bilen birikdirýän demir ýoluň gurluşygy boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

TDH bu duşuşygyň iki ýurduň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini belleýär.

XS
SM
MD
LG