Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bu ýyl hem 3 million düýp nahal oturdylýar; onuň üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


Aşgabatda oturdylan nahallaryň hatarynda guran agaçlardan biri. Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa.
Aşgabatda oturdylan nahallaryň hatarynda guran agaçlardan biri. Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa.

Oňa laýyklykda Türkmenistanda bu ýyl ýurt boýunça 3 million düýp agaç nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar. Oturduljak agaçlaryň 1.5 milliony Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etraby bilen Bäherden etrabynyň arasynda ekiler, galan 1.5 milliony ýurduň beleki künjeklerinde oturdylar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy atlandyrylmazlyk şertinde 21-nji fewralda beren maglumatynda üstümizdäki mart aýynda ekiljek agaç nahallary üçin döwlete degişli edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul ýygnalýandygyny aýtdy.

“Bu býujet işgärleriniň maşgala býujetine agram salýar. Anyk mysallar bermeli bolsa, Bäherdeniň haly fabriginde, Büzmeýiniň haly fabriginde, Büzmeýiniň “Büzmeýin GRES” diýen energetika kärhanasynda we beýleki döwlet edaralarynda ýygnaklar geçirilip, 5-nji marta çenli edaralaryň hasapçylaryna adam başyna 10 manat töleg tölemek talap edilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mugallymlardan we medeniýet işgärlerinden etraplarda adam başyna 5 manatdan welaýatlaryň administratiw merkezlerinde we paýtagtda adam başyna 10 manatdan pul ýygnalýar. Toplanan maliýe serişdeleri agaç ekmek işlerine sarp ediler.

Türkmenistanda prezidentiň karary bilen geçen 2018-nji ýylda-da 3 million düýp nahal oturdylypdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ikinji habarçysy 20-nji fewralda iberen maglumatynda oturdylýan agaçlaryň agramly böleginiň kälä gelmeýändigini aýdýar. “Bizde eýýäm dördünji gezek arça we sosna agaçlary ekilýär. Geçen ýyl ekilen agaçlaryň dörtden biri kälä geldi, ýogsam bolmasa, ondan ozalky ýyllar bilen deňeşdireniňde olary yzygyderli suwaryldy” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmenistanda her ýyl iki gezek güýz we bahar pasyllaryny ählihalk ýowary geçirilip, býujet işgärlerine agaç ekdirilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu wagta çenli 27 ýylyň dowamynda ekilen 80 milliona ýakyn agaç nahalynyň soňky ahwaly bilen gyzyklanýar. “Nirä gitdi şol agaçlar!?” diýip, ol soraýar. Onuň sözlerine görä, şu wagtda çenli oturdylan agaç nahallarynyň agramly bölegi ösüp kälä gelmedi.

“Dogry, Köpetdagyň eteginde ekilen agaçlaryň boý alyp oturanlary bar. Gökdepä çenli ekilen agaçlaryň arasynda boý alyp oturanlary bar” diýip, habarçy belleýär.

Türkmenistan ekologiýany, daşky gurşawy goramak boýunça ýörite döwlet syýasatyny ýöredýändigini aýdýar.

Munuň çäklerinde Türkmenistanda 1999-njy ýylyň sentýabr aýynda “Gök Guşak” paýdarlar jemgyýeti döredildi hem-de şondan bäri her ýyl ýurt boýunça millionlarça düýp nahal oturdylýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanda Tebigaty goramak ministrligi döredildi, soňra ministrlik ýatyrylyp Oba hojalyk ministrliginiň binýadyna geçirildi. Ýanwaryň aýagynda Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi.

Türkmen mediasy agaç nahallaryny oturtmak boýunça ýylda iki gezek geçirilýän giň gerimli “ählihalk” ýowarlaryny “zähmet ýeňşi” häsiýetlendirýär. Oňa raýatlaryň meýletin hem-de ruhubelentlikde gatnaşýandygyny öňe sürýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar özleriniň şeýle mejbury çärelere gatnaşdyrylmagyndan şikaýat edýärler.

XS
SM
MD
LG