Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe, Gülen bilen ilteşikli diýip, 300-e golaý harbyny tussag etmegi buýurdy


Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ozalky ýarany Fethulla Gülen bilen ýanaşyk goýlan suraty

Türkiýäniň prokuratura edarasy 295 sany harby işgäri ABŞ-da ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Güleniň guramasy bilen ilteşiklilikde aýyplap, tussag etmegi buýurdy. Ankara Güleni 2016-njy ýyldaky agdarylyşyk sysnanyşygyny gurnamakda aýyplaýar.

Prokuraturanyň 22-nji fewralda çap edilen beýanatynda tussag edilmelileriň üçüsiniň polkownikdigi, sekizisiniň maýordygy, on sanysynyň bolsa leýtenantdygy aýdylýar. Güman edilýänleriň ýarysyna golaýy goşun agzalary bolup, galanlary harby-deňiz we howa güýçlerinde gulluk edýän harbylar diýip, resmi beýanatda aýdylýar.

Polisiýa ýarygijeden bir sagat soňra, güman edilýän Gülen wekilleriniň telefon gepleşikleriniň derňewiniň çäginde, şol bir wagtdaky tussag etmek çärelerine başlady. Emma häzire çenli güman edilýänleriň näçesiniň tutulandygy aýan edilmedi.

Gülen 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolan we 250 adamyň ölümine getiren wakalara islendik baglanyşygyny ret etdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ozalky ýarany bolan Gülen 1999-njy ýyldan bäri ABŞ-da öz erkine bosgunlykda ýaşaýar.

Agdarlyşyyk synanyşygyndan bäri 77 müňden gowrak adam tussag edildi, 150 müň adam işden çetleşdirildi.

Erdogan başa barmadyk agdarylyşygy başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin ulanmakda günälenýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG